Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda gurluş ulgamynda zähmet çekýän telekeçileriň korrupsiýa alamatlarynyň ýüze çykarylmagynyň öňüni almak maksady bilen, “Halallyk – adyl ýörelge” atly maslahat geçirildi
Maslahatyň dowamynda “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň aýry-aýry maddalaryna düşündiriş berildi.
Maslahata gatnaşyjylar maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza arassa, halal zähmet çekmek, mähriban ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP