2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alyp, ýaşlary telekeçilige çekmek maksady bilen, “Ýaş telekeçiler biziň buýsanjymyzdyr” atly maslahat geçirildi.
Çäräniň dowamynda telekeçilikde bilimiň we tejribäniň uly orny bardygyny, maliýe sowatlygynyň zerurdygyny, ediljek işleriň hökmany ýagdaýda meýilnama bilen ýerine ýetirmelidigi nygtaldy. Ýaşlara telekeçilige başlamagyň esasy ädimleri barada gürrüň berildi.
Çäräniň ahyrynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimize şeýle ajaýyp zamanada, bagtyýar durmuşda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýtdylar.
TSTP