Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

    Şu gün ...

  • BERKARAR DÖWLETIŇ ÖSÜŞI – HALKYŇ BAGTYÝARLYGY WE ROWAÇLYGYDY

    Şu gün...

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi, ösüşlerimiziň gözbaşy

    2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde ýaşlaryň işlerine maýa goýumlaryny gönükdirmek, geljekde ýaşlarymyza sebitleri hem-de tutuş ýurdumyzy dolandyrmak we ösdürmek işine mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik bermek maksady bilen, “Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi, ösüşlerimiziň gözbaşy” atly duşuşyk geçirildi.

    Duşuşykda “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz gije-gündiz halkyň aladasy bilen ýaşaýar. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan, arassa ahlakly, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edýär. Munuň üçin biz Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys diýip buýsançly aýtdylar. Çykyşlaryň dowamynda ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP