Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly täze kitabynyň XIII jildiniň  tanyşdyrylyş dabarasy

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly täze kitabynyň XIII jildiniň  tanyşdyrylyş dabarasy

2021-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly täze kitabynyň XIII jildiniň  tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 

Geçirilen bu dabarada çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz gije-gündiz  halkyň aladasy bilen ýaşaýar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň  XIII jildiniň neşir edilmegi Milli Liderimiziň türkmen lukmanlaryna,  tutuş halkymyza  hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine özboluşly sowgady boldy. Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar  akademiýasynyň  akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň toparyna niýetlenendir diýip belläp geçdiler hem-de  halkymyzyň abadan durmuşda, parahat ýaşamagy üçin uly alada edýän,  saglygy  goraýyş  ulgamymyzy döwrebap şertler, baý ylmy tejribeler bilen kämilleşdirýän  Arkadag  Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri  rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP