Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HUSUSY PUDAGYŇ YKDYSADY KUWWATY BARADA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

    Şu gün ...

  • BERKARAR DÖWLETIŇ ÖSÜŞI – HALKYŇ BAGTYÝARLYGY WE ROWAÇLYGYDY

    Şu gün...

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

ÝAŞLAR — ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY ÖSÜŞINIŇ YGTYBARLY BINÝADYDYR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Erem» hususy kärhanasynda ýaşlary telekeçilik işine çekmek we olaryň ukyp başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen «Ýaşlar röwşen geljegimizdir» atly tejribe okuw sapagy geçirildi.

Ýaş nesli telekeçilik pudagyna işjeň çekmek, olaryň alýan nazary bilimlerini önümçilik tejribeleri bilen utgaşdyrmak, hususy sebitde alnyp barylýan döwrebap işler we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen ýakyndan tanyşdyrmak.

Bu okuw sapagy talyplaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, telekeçilik işine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga hem-de ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işlere uly goşant goşdy.

Häzirki wagtda ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, döwrebap hünär eýelemegi we telekeçilik başlangyçlaryny goldamak ugrunda uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, olaryň jany sag, ömri uzak, eziz Diýarymyzyň we bagtyýar ýaşlarymyzyň bähbitlerine gönükdirilen belent başly işleri elmydama rowaç bolsun!

TSTP