Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HUSUSY PUDAGYŇ YKDYSADY KUWWATY BARADA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

    Şu gün ...

  • BERKARAR DÖWLETIŇ ÖSÜŞI – HALKYŇ BAGTYÝARLYGY WE ROWAÇLYGYDY

    Şu gün...

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

TELEKEÇILIGIŇ TÄZE BELENTLIKLERI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Jadyly çeşme» alkogolsyz, ýokary hilli içgileri öndürýän hususy kärhanasynda «Telekeçiligiň täze belentlikleri: Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty»  atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu çäräniň maksady, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde hususy pudagyň eýeleýän ornuny giňden wagyz etmek, telekeçileriň gazanýan üstünliklerini we döwrebap önümçilik mümkinçiliklerini ýaşlara hem-de jemgyýete ýetirmek bolup durýar. Bu çäre telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, hususy pudagyň işgärleriniň zähmet joşgunyny artdyrmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga uly goşdy bolar.

Hususy telekeçiligi ösdürmek, ýurdumyzda döwrebap önümçilikleriň we täze iş orunlarynyň döredilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri açyp berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys, olaryň jany sag, ömri uzak, eziz Diýarymyzyň we halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen belent başly işleri elmydama rowaç bolsun!

TSTP