Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HUSUSY PUDAGYŇ YKDYSADY KUWWATY BARADA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

    Şu gün ...

  • BERKARAR DÖWLETIŇ ÖSÜŞI – HALKYŇ BAGTYÝARLYGY WE ROWAÇLYGYDY

    Şu gün...

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

TÜRKMEN-TÜRK DOSTLUGY WE RUHY-MEDENI JEBISLIGIŇ TÄZE BELENTLIKLERI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan beýik işleri  Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze sepgitlere ýetýär» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatda taryhy kökleri umumy bolan türkmen-türk gatnaşyklary şu günlerde Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze sepgitlere ýetýändigi, hil taýdan täze, okgunly ösüş tapgyryny başdan geçirýändigi. Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammiti hem-de Türki döwletleriň medeni seýilgähinde türkmen ak öýüniň dikilmegi doganlyk halklaryň arasyndaky medeni-ruhy baglanyşyklaryň mizemezdiginiň aýdyň subutnamasydygy dogrusynda çykyşlarda belläp geçdiler. Bu bolsa türki dilli döwletleriň arasynda energetika, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň barha giňemegine ýardam edýär.

Bu gün döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan bu giň möçberli işler doganlyk halklaryň arasyndaky özara ynamy, dostlugy we amaly hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga hyzmat edýär. 

Goý, eziz Diýarymyzyň ösüşleri has-da rowaç alsyn, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan belent işleri elmydama üstünliklere beslensin! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

TSTP