Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren “Garaşsyzlyk— bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2021-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň bilelikde gurnamagynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren “Garaşsyzlyk— bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň  “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly täze kitaby şöhratly senä — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän şu şanly ýylda çapdan çykan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna özboluşly syýahatdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitabynyň sahypalarynda Garaşsyzlyk hem-de onuň gözbaşlary barada pikir ýöredip, hemme beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we häzirki Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagynyň durýandygyny nygtaýar. Şunda milli Liderimiz: “Bagtymyzy gazanmak, berkitmek, Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe, diňe öňe äkitmek ugrunda amala aşyrylan we amala aşyrylýan işler il-halkymyzyň egsilmez gaýratynyň, joşgunly zähmetiniň netijesidir” diýip belleýär diýip buýsançly aýtdylar.

Şeýle ajaýyp kitaby peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň  sag, ömrüniň  uzak, tutumly işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP