2021-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – Bagtymyz” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler Garaşsyzlyk derejesiniň Türkmenistanyň Ýer ýüzüniň has durnukly ösýän döwletleriniň hataryna girendigini, gyzyklanma bildirýän ýurtlar hem-de abraýly guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat döredendigini, şol döwletler we guramalar bilen gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ýola goýulýandygyny bellediler.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senesi mynasybetli öz halkyna ajaýyp sowgada öwrülen, mazmuny boýunça, hakykatdan-da, gymmatly kitabynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly gazananlarynyň, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýanydygyny, eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar.
TSTP