Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY ––– ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ––– ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça bir aýlyk çäreleriniň çäklerinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly edilýän işleriniň sany barha köpeldi. Esasan hem, her ýylyň sentýabr aýyna geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen bu çäreler «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem guramaçylykly geçirilýändigi hemmämiz aýdyň. Ösüp gelýän jemgyýetde ýaş nesliň abadan we rahat durmuşda ýaşamaklary üçin birnäçe kada-kanunlar durmuşa geçirilýär. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň abadançylygyny, ýollarymyzyň asudalygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

TSTP