Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

BILIMLI WE UKYPLY ÝAŞLARYŇ GELJEKKI ÜSTÜNLIKLERINIŇ KEPILI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy –– bilimli we ukyply ýaşlaryň geljekki üstünlikleriniň kepili» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli ylymly-bilimli, giň gözýetimli we kämil şahsyýetler edip terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagy bilimli we ukyply ýaşlaryň geljekki üstünlikleriniň, berkarar ýurdumyzyň nurly geljeginiň berk binýadyna öwrüldi. Döwletimiziň kuwwaty we ösüşi, ylym-bilimli ýaşlar bilen berk baglydyr. Sapagyň dowamynda berlen parasatly nesihatlar ýaşlary täze üstünliklere, ylmy açyşlara we beýik maksatlara ruhlandyrýar. Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň zehinini we ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak üçin döredilýän giň mümkinçilikler ýurdumyzyň synmaz daýanjydyr. Milli Liderimiziň sözleri her bir ýaş nesle öz güýjüne bolan ynamyny artdyrdy. Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzy ylym-bilim, bagtyýarlyk hm-de parahatçylyk ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur alkyş aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun. Tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

TSTP