Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TELEKEÇILIGIŇ ÖSÜŞI WE MILLI DEMOKRATIÝA

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň guramagynda telekeçi A.Rejepowanyň önümçilik kärhanasynda «Halk Maslahaty – halkymyzyň asylly ýörelgesi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çärede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky taryhy ähmiýeti, milli demokratik ýörelgelerimizi berkitmekdäki orny, öňde durýan möhüm wezipeler barada giňişleýin bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzda hususy ulgamy ösdürmek, ýerli önümçiligi goldamak we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan özgerdişler barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň soňunda gatnaşyjylar telekeçiligiň ösmegine giň ýol açyp berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirip, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP