Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Umumy milli forum: öňde belent maksatlar» atly wagyz-nesihat çäresinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlary we öňde durýan geljegi uly wezipeler giňden wagyz edildi.
Çärede çykyş edenler milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda halkyň agzybirligini berkletmek hem-de ýurdumyzyň ösüş ugurlaryny kesgitlemekde Umumy milli forumyň taryhy ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň öňünde durýan täze sepgitler, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek we beýik tutumlary amala aşyrmak boýunça giňişleýin pikir alşyldy.
Wagyz-nesihat çäresiniň soňunda gatnaşyjylar ýurdumyzy durnukly ösüşler bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirip, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
TSTP