Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Garaşsyz Türkmenistan bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoly bilen» atly maslahatda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysady, jemgyýetçilik hem-de hususy ulgamda gazanan beýik üstünlikleri giňden dabaralandyryldy.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda, ýerli önümçiligi ösdürmekde we hususy pudagy goldamakda amala aşyrylýan tutumly işleri aýratyn nygtadylar. Telekeçilere döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, bäsleşige ukyply önümleri öndürmek, täze iş orunlaryny döretmek hem-da ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda gazanylan sepgitler bellenildi.
Çärede çykyş edenler we oňa gatnaşyjylar Milli Liderimiziň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, bütindünýä ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP