Bereket etrabynyň Tikin fabriginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahat duşuşygy Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýurdumyzyň agzybirligini, parahatçylygyny we ähli ugurlardaky rowaçlyklaryny berkitmekdäki binýatlyk ornuny wagyz etmäge gönükdirildi.
Duşuşykda Garaşsyzlyk taglymatynyň milli jebisligi saklamakda we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda esasy gural bolup durýandygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda geçirilýän bu günki çäre telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmaga, önümçiligi we telekeçiligi bütewi ösüşe ugrukdyrmaga hyzmat edýär.
Duşuşykda çykyş edenler jebislik we agzybirlik ýörelgeleriniň ýurt parahatçylygynyň hem-de berkarar geljegiň kepili bolup durýandygyny belläp geçdiler.
Duşuşygyň soňunda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge, jemgyýetiň jebisligini berkitmäge we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sagbolsun sözlerini beýan etdiler we il-ýurt bähbitli beýik işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
TSTP