Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BELENT RUHY ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATLYLYGY – WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ BINÝADY

    2026-njy...

  • TÜRKMENISTAN – ABADANÇYLYGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MERKEZI

       ...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

Nesil terbiýesinde ata-babalarymyzyň ýörelgesi

    2021-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminde ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen «Nesil terbiýesinde ata-babalarymyzyň ýörelgesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

   Geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Zerhal Narmamedowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň müdiri Ýazmyrat Abdulmuslimow dagylar çykyş edip, ýaşlary ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriň, nakyllaryň üsti bilen terbiýelemegiň ähmiýetiniň uludygy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň iňlis dili mugallymy Dinara Ýarmedowa iňlis dilinde birek-birege nähili ýüzlenmeli, ululara, deň-duşlaryňa nähili hormat goýmalydygy barada ýaş diňleýjilere täsirli gürrüňleri aýtdy. Soňra wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar ýaşlaryň watansöýüji terbiýeli, ylymly-bilimli bolup ýetişmegi ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP