Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

HALK MASLAHATY – DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERINIŇ DOWAMATLYLYGY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň, welaýatyň Çärjew etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda partiýanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda halk we döwlet ähmiýetli geçirilýän taryhy maslahata görülýän taýýarlyk işleri we öňde goýlan wezipeleri ündemek, wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

Çärede çykyş edenler ýurdumyzda her ýylda däp bolup gelýän, bu taryhy maslahatyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütleri barada buýsançly gürrüňler edildi.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyza işlemek we dynç almak üçin döredip beren amatly şertleri üçin hoşallyk sözleri aýdyldy we Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

TSTP