Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HUSUSY PUDAGYŇ YKDYSADY KUWWATY BARADA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

    Şu gün...

  • ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

    Şu gün ...

  • BERKARAR DÖWLETIŇ ÖSÜŞI – HALKYŇ BAGTYÝARLYGY WE ROWAÇLYGYDY

    Şu gün...

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA HUSUSY ULGAMYŇ ÖSÜŞI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher we Ahal welaýat komitetleriniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda hususy ulgam döwlet tarapyndan giňden goldanylyp, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatda berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, öndürilýän önümleriň görnüşlerini hem-de göwrümini artdyrmakda, içerki bazary ýerli harytlar bilen bol üpjün etmekde hususy pudagyň tutýan uly orny barada giňişleýin bellenilip geçildi. Çykyş edenler döwletimiz tarapyndan telekeçiligi ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak we olara giň mümkinçilikleri döretmek ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň ýokary netijelerini uly buýsanç bilen nygtadylar.

Dabaranyň soňunda ýurdumyzyň ykdysadyýetine mynasyp goşant goşup, önümçilikde hem-de partiýanyň jemgyýetçilik işlerinde aýratyn işjeňlik görkezen telekeçilere TSTP-niň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Maslahatyň soňunda çykyş eden hususyýetçiler ýurdumyzda telekeçiligi giňden ösdürmäge, hususy pudagyň mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga döredilýän giň şertler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çuňňur sagbolsun hem-de çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

TSTP