Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

ÝYLLARYŇ ŞANLY MENZILI: GARAŞSYZLYK WE ÖSÜŞI

«Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu çäre Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde garşylamak maksadyna bagyşlandy. Duşuşygyň barşynda Watanymyzyň gysga döwrüň içinde gazanan beýik üstünlikleri, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizdäki eýeleýän orny hem-de belent maksatnamalary durmuşa geçirmekde telekeçileriň goşandy hakynda giňişleýin durulyp geçildi. Ýurdumyzyň şanly ýyllaryň menzilinde gazanan ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy üstünliklerini wagyz edildi. Önümçilik hem-de gurluşyk ulgamynda zähmet çekýän telekeçileriň elýetmez zähmet netijelerini we döwlet gurluşyndaky ornuny belläp geçildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýetini düşündirmek we ony ýokary ruhubelentlik bilen garşylamak boýunça durulyp geçildi. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda hususy pudagyň ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler we yzygiderli goldawlar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çuňňur sagbolsunlaryny beýan etdiler.

TSTP