Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

AGZYBIRLIK WE ÖSÜŞ UGRUNDA

Bu çäre Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň halkyň agzybirligini we milli demokratiýany berkitmekde eýeleýän baş ornuny ýene bir gezek äşgär edýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýanyň Aşgabat şäher we Ahal welaýat komitetleriniň bilelikdäki wagyz-nesihat çäresi ýurdyň hususy pudagynyň diňe bir ykdysady däl, eýsem syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna-da işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri, ýurtda amala aşyrylýan giň göwrümli reformalary we döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny giň köpçülige hem-de telekeçiler jemgyýetçiligine ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Milli döwletlilik däplerini berkitmekde, ýurtda agzybir jemgyýeti we demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmakda, Halk Maslahatynyň taryhy ornuny belentde tutýandyklary üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsun aýdyldy.

Çärä gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP