Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • GARAŞSYZLYK DÖWLETIŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALK MASLAHATYNDA BELLENILEN BELENT SEPGITLER

    Golaýda...

  • TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 35 ÝYLLYGY: BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ WE DABARALANMALARYŇ ÝOLY

    Daşoguz...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ UMUMY OKUW SAPAGY — ÝAŞ NESLIŇ WATANÇYLYK WE AHLAK MEKDEBI

    Türkmenistanyň...

  • YLYM – BILIM BAGTYÝARLYGYŇ HEM-DE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞYDYR

    Golaýda...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz welaýat çaphanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty-döwletlilik ýörelgesi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Döwletlilik türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp, milli ýörelgelerimize ornan mukaddes gymmatlygydyr. Şöhratly taryhymyza göz aýlanymyzda türkmen halky il-ýurt bähbitli möhüm meseleleriň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşyp kabul edipdir. Maslahatlaşyp tutulan tutumlarda rysgal-bereket bar. Il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň kepili, döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanmasy bolup her ýyl ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň geçirilmegi pederlerimizden miras galan halk häkimiýetliliginiň berkarar döwletimizde täze mazmun bilen dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.Ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dünýä ýüzündäki dabaralanmasy bolup, bütin halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar diýip giňişleýin belläp geçdiler.

Bagtyýar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. 

TSTP