Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrap Tikin fabriginiň mejlisler jaýynda «Halk Maslahaty-halkymyzyň jebisliginiň aýdyň beýany» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli işler öz gözbaşyny Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryndan öz gözbaşyny alyp, bu günki günde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesinde aýdyň beýanyny tapýar.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri möhüm meseleleri bilelikde, şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däbine daýanyp ara alyp maslahatlaşypdyr we çözüpdir. Halkymyzda «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp bir kes», «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg» diýlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, il-ýurt bähbitli tutumlaryň halk bilen maslahatlaşylmagy, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleriň geňeşilip çözülmegi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty milli däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP