Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Halk Maslahaty-Berkarar döwletimiziň täze ösüş belentlikleri» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk düýpli sepgitlerine gadam basýan 2026-njy ýylyň Halk Maslahatynyň mejlisi ata Watanymyzyň geljekki ykbalyny kesgitlemekde, milli demokratiýany we ykdysady kuwwaty täze belentliklere çykarmakda taryhy ähmiýete eýe bolar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet ähmiýetli möhüm syýasy çärä – Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu wekilçilikli edara ýurdumyzyň iň ýokary halk häkimiýetini alamatlandyryp, döwlet durmuşyndaky iň aýgytly hem-de strategik çözgütleri kabul etmäge gatnaşýar. Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisine görülýän taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolup, ol ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik ýörelgeleriň dabaralanmasyny aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň taryhynda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Halk Maslahaty ýurduň iň möhüm döwlet häkimiýet we halkara derejesindäki wekilçilikli edarasy hökmünde wajyp orun eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, halkara başlangyçlar we milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşi Halk Maslahatyň mejlislerinde ölçeýär.
Ýurdumyzyň abadançylyga beslenmegi, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmakda uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
TSTP