Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

HALK MASLAHATY: MILLI DEMOKRATIÝANYŇ AÝDYŇ SUBUTNAMASY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Halk Maslahaty: döwletimizde milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahatda milli demokratik ýörelgeleriň barha berkeýändigi hem-de jemgyýetiň agzybirligini üpjün etmekde Halk Maslahatynyň eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin durulyp geçildi.

Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy durnukly ösdürmekde, raýatlaryň döwlet dolandyryşyna gatnaşmagyny üpjün etmekde we adalatlylygy dabaralandyrmakda esasy binýady bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kabul edilýän kararlaryň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, hususy pudagy goldamaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendigi bellenildi. 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri dabaralandyrmakda we durnukly ösüşi üpjün etmekde alyp barýan parasatly syýasaty üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çuňňur sagbolsun aýtdylar.

TSTP