Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri we onuň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek maksady bilen maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirliginiň, döwletimiziň mukaddes parahatçylygynyň nyşanydyr. Milli demokratik ýörelgelerimize, ata-babalarymyzdan gelýän maslahatlaşmak däbine eýerip geçirilýän bu taryhy çäre, ýurdumyzyň röwşen geljegini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alaly bäri, hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýerýär. Halk Maslahaty kabul edilýän taryhy çözgütler diňe bir ýurdumyzyň däl, eýem bütin sebitiň parahatçylygyny we durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilendir. «Agzybir ile döwlet gonar» diýlişi ýaly, halkymyzyň agzybirligi we bitewiligi biziň iň uly baýlygymyzdyr. Halk Maslahaty ähli ýaşdaky we dürli kärdäki raýatlaryň, ýaşlaryň hem-de ýaşulularyň başyny jemläp, il-günümiziň bähbitlerini birleşdirýär. Bir maksada gulluk edýän agzybir halkyň ýetjek taryhy sepgitleri bolsa uly ýeňişler hem-de beýik ösüşler bilen baglydyr.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň parahatçylygyny, agzybirligini hem-de durnukly ösüşini üpjün etmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk we tükeniksiz sagbolsun aýtdylar.
TSTP