Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Lebap welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň mejlisler jaýynda saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň we partiýanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – parahatçylygyň, agzybirligiň we jebisligiň belent nusgasy» atly wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi.
Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada täsirli gürrüňler edildi.
Maslahatyň dowamynda ýygnaga gatnaşyjylar mundan beýläk-de ýurdumyzyň bedew batly ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtadylar.
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza asuda-parahat ýaşamak üçin döredip berýän ähli mümkinçiliklerine hoşallygyny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP