Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Salam» hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Halk Maslahatynyň tutýan orny örän uly bolup, ol döwletimiziň we halkymyzyň gelejegi bilen bagly iň möhüm kararlaryň kabul edilýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini düşündirmek boýunça geçirilen wagyz-nesihat çäresi ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça täze bir ähmiýete eýe bolar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň parahatçylygy we kuwwatlanmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Goý, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
TSTP