Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Telekeçilik işiniň hukuk esaslary

    2021-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda “Telekeçilik işiniň hukuk esaslary” atly maslahat geçirildi.

    Maslahatda çykyş edenler häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň we depginli ösüşleriň ajaýyp miweleri eşretli ertirimize bolan ynamy has-da artdyrýar. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikler bolsa hatarlanyp, biri-biriniň üstüni ýetirip dur. Bilşimiz ýaly Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiler barada “Biz mundan soňra hem kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn, şol sanda kanunçylyk derejesinde hem goldaw bermegi, şeýle-de telekeçilik pikirleriniň durmuşa geçirilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegini üpjün ederis” diýen sözleri bizi buýsandyrýar, täze işlere ruhlandyrýar. “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär we Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmekde onuň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdygyny aýdyp, biz telekeçilere yzygiderli goldaw hemaýat berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun diýip, öz çykyşynda aýtdylar.

TSTP