Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Arkadag gurdurýar beýik binalar

2021-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkemenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Arkadag gurdurýar beýik binalar” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barylýan şu ajaýyp günlerde şäherimiz barha gözelleşip, «Aziýanyň merjeni» diýen ada eýe bolandygy, howalanyp görünýän mermer binalary, ajaýyp köşgi-eýwanlary, durmuş maksatly salynýan beýik-beýik ymaratlary, ýaşaýyş jaýlary, saglyk, ylym-bilim desgalary, gözel şäherimiziň oklaw ýaly göni hem giň, arassa köçeleri, şeýle hem merjen paýtagtymyzyň bagy-bossanlygy ýüreklerde buýsanç duýgusyny döredýändigini, Aşgabat şäherinde ýerleşýän täsin seýilgähleri gür baglyga, hoşboý ysly ter güllere beslenip, ynsanlarda ýakymly duýgulary oýarýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ösüşlere beslenýän paýtagtymyzyň bu günki gün halkara forumlaryň, ylmy maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrülip, Parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde bu gün dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň tagallasy bilen ak arzuwlaryň amala aşýan ajaýyp şäherine öwrülendigine uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň at gazanan Arhitektory, zamanamyzyň meşhur Binagäri — Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP