Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Aýdyň gijeler» hususy kärhanasynda zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda Halkara derejesindäki täze ylalaşyklar we parahatçylygyň bähbidine ädilýän ädimler» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, dünýä jemgyýetçiligi bilen deňhukukly, özara bähbitli we parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary guramagy baş maksat edip goýdy. Garaşsyzlyk - bu diňe bir özbaşdak döwletliligiň nyşany bolman, eýsem halkara arenasynda parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açan beýik güýçdür. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, geçen şanly ýyllaryň dowamynda dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň birine öwrüldi. 

Ýurdumyzy ösüşleriň täze eýýamyna alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Asylly hem-de dünýä ähmiýetli başlangyçlary elmydama rowaç bolsun!

TSTP