Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýy üstünliklere we rowaçlyklara beslenýär» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä giňişliginde ynamdar hyzmatdaş, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň dabaralanýan mekanyna öwrüldi.  Biziň ata Watanymyzyň halkara abraýy her gün täze üstünlikler bilen baýlaşyp, rowaçlyklara beslenýär.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp baran we häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän daşary syýasat strategiýasynda Azerbaýjan Respublikasy bilen gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran bu taryhy sapary, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe bir goňşuçylyk däl, eýsem, uzak möhletli, ygtybarly strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu sapar iki ýurduň hem durnukly ösüşini üpjün etmäge, sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga we doganlyk halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze mümkinçilikleri açdy.

Arassa asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde halkymyzyň bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun!

TSTP