Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Watanyň gadyr-gymmaty

          2021-nji ýylyň  7-nji iýulynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Lebap welaýat çagalar öýünde,  Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji iýulynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan, görkezmelerinden ugur alyp, “Watanyň gadyr-gymmaty” atly düşündüriş-wagyz çäresi geçirildi.

          Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda  Garaşsyz ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň ählisi “Döwlet adam üçindir.” diýen ýörelgeden ugur almak bilen amala aşyrylýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly asuda parahat, çar ýany gül-gülzar ýurdumyz bar, howpsuz  jemgyýetimiz bar. Howpsuz jemgyýetde-de adamlaryň hukuk-borçlaryna düşünip, birek-birege hormat, sylanyşyk, sarpa esasynda ýaşamagy jemgyýetiň öňküdenem berkleşmegine getirýär. Ýakynda  Mähriban Arkadagymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şeýle mejlisini geçirmek bilen, diňe bir jenaýatçylygyň däl-de, dörejek jenaýatçylygyň öňüni almak babatdaky meseleleri öňe sürýändigini belläp geçdiler. 

          Howpsuz jemgyýet syýasatyny öňe sürýän, halkymyzy nurly ertirlere alyp barýan,  Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! diýip öz çykyşlarynda aýtdylar.                          

TSTP