Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher hem-de Ahal welaýat komitetleriniň bilelikde gurnamagynda telekeçi – halyçy gelin-gyzlar bilen «Türkmeniň nepis halysy – asyrlaryň owazy» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy hem-de haly sergisiniň çäresi geçirildi.
Türkmen halysy – halkymyzyň milli buýsanjy, ata-babalarymyzyň bize galdyran gymmatly mirasydyr. Haly diňe bir öý bezegi däl, eýsem türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini we ruhuny özünde jemleýän sungat eseridir. Asyrlaryň dowamynda zenanlarymyz el zähmeti bilen nepis nagyşlary döredip dünýäni haýrana goýýan halylary dokapdyrlar. Şol sebäpli “Türkmeniň nepis halysy – asyrlaryň owazy” diýen sözlerde uly many bar. Türkmen halyçy gelin-gyzlarymyz häzirki döwürde hem bu mukaddes sungaty ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Olar ata- babalarymyzdan galan däpleri dowam etdirip, döwrebap nagyşlar bilen baýlaşdyrylan owadan halylary döredýär. Şeýle zähmetsöýer gelin-gyzlaryň döredýän halylary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem ýokary baha mynasyp bolýarlar. Türkmen halysynyň her bir nagşy aýratyn many berýär. Onda halkymyzyň ýaşaýşy, arzuwlary, tebigata bolan söýgüsi beýanyny tapýar. Şeýle hem halyçylyk zenanlaryň sabyrlylygyny, ussatlygyny we döredijilik ukybyny görkezýär. Şonuň üçin türkmen halysy milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmeniň nepis halysy asyrlaryň içinden gelip, häzirki güne çenli öz gymmatyny ýitirmän saklap gelýär. Türkmen halyçy gelin – gyzlarymyzyň zähmeti netijesinde bu milli sungat geljek nesillere hem ýetirilýär. Türkmen halysy – halkymyzyň buýsanjy we baky mirasydyr.
Çäräniň ahyrynda Milli gymmatlyklarymyzy, türkmeniň nepis halyçylyk sungatyny ösdürmek ugrunda edýän beýik işleri üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak , il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
TSTP