Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TÜRKMEN HALYSY NEPISLIGIŇ WE AGZYBIRLIGIŇ SUNGATY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň Bereket etrap Tikin fabriginiň mejlisler jaýynda Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi.

Türkmen halysy - türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir. Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlyklaryny gorap saklapdyrlar. Bu senetçiligiň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi örän guwandyryjydy.

Türkmen halylary dünýäde ägirt uly çeperçilik gymmaty we nepisligi bilen hemişe ýokary baha mynasyp bolýar. Bu halylaryň gadymy nusgalary dünýäniň köp ýurtlarynyň muzeýleriniň, sergi zallarynyň, çeperçilik edaralarynyň bahasyz gymmatlyklary hasaplanýar. Asyrlarynyň we müňýyllyklarynyň jümmüşinden gözbaş alan bu ajaýyp sungat häzirki döwürde hem abraýyny saklaýar.

Bu gün dünýäde deňsiz taýsyz sungat eseri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan  mynasyp orun alan türkmen halysy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bolsa, onuň halkara derejedäki hormatyny we sylagyna ýene-de bir gezek bütin dünýä aýan etdi.

Türkmen haly sungaty dünýä meşhurlygyny gazanmakda giň mümkinçilikleri döreden, gadymy hem müdimi senedimiz bolan ajaýyp halylarymyza goýýan belent sarpasy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Her bir işde nusga bolup, halkymyzy şeýle eşretli günlere getiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bu gün her bir türkmen ýaşlary müň kerem alkyş aýdýar.

TSTP