Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygy mynasybetli «Ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň asudalygyň, rowaçlygyň, gözelligiň we beýik ösüşleriň mekany» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň hem-de asudalygyň kämil nusgasy bolup dur. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat özüniň täze ösüşleri, syýasy, ykdysady we medeni üstünlikleri bilen dünýäni haýran galdyrýar. Döwletimiziň galkynyşynyň kuwwatynyň aýdyň nyşany bolan bu gözel şäher, parahatçylygyň, asudalygyň, rowaçlygyň hem-de beýik geljegiň mukaddes mekanyna öwrüldi. Her bir täze gurlan binalar, döwrebap şaýollar we seýilgähler paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Döwrebap çüwdürimler toplumlary, ýaşyl zolaklar we agşamlary jadyly yşyklar Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Her bir taslama halkymyzyň bähbidine, rowaçlygyna we abadan durmuşyna hyzmat edýär.
Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi.
Çäräniň ahyrynda Berkarar döwletimiziň kalby bolan ak şäherimizi gülletmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokary götermekde durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza sagbolsunlaryny beýan etdiler.
TSTP