Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

KANUNYM - MERTEBÄM, TUGUM – TOGABYM

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –– bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyz ösüşlere belent sepgitlere ýetýär. Türkmenistanyň  konstitusiýasynyň  we Döwlet baýdagynyň güni halkyň agzybirligini, döwletliligini we özygtyýarlylygyny wasp edýän mukaddes baýramdyr. 1992-nji ýylda kabul edilen Esasy Kanun hukuk kepilimiz, ýaşyl  tugumyz bolsa berkararlyk nyşanydyr. Bu baýram goşa şatlyk – hukuk esaslarymyzy we milli buýsanjymyzy dabaralandyrýar. 18-nji maý Türkmenistanda diňe bir senenama däl, eýsem milli buýsanjyň, jebisligiň we döwletliligiň belent senasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy – biziň kanunymyz mertebämiz, hukuklarymyzyň we azatlyklarymyzyň mizemez kepilidir. Ýaşyl tugumyz bolsa – biziň tugumyz togabymyz, geçmişden geljege uzalyp gidýän şöhratly ýolumyzyň, bitewüligimiziň, we parahatçylygyň nyşanydyr.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistany mundan beýläk-de beýik sepgitlere alyp barýan, ýurdumyzyň hukuk binýadyny we halkara abraýyny berkitmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

TSTP