Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

GAHRYMANLAR UNUDYLMAÝAR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli «Gahrymanlar unudylmaýar» atly wagyz – nesihat duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylykly döredijilikli syýasaty, ýurdumyzyň häzirki gazanan uly üstünlikleri janyny aýaman mukaddes Ýeňşi ýakynlaşdyran ähli türkmen esgerlerine dikilen belent heýkeldir. Türkmen halky Gahryman diýen ada, ordendir medallara mynasyp bolan Watanymyzyň merdana goragçylaryny, ýanýoldaşyny söweşe ugradyp, yzynda ýalňyz galan zenanlary, eneleri we uýalary hiç wagt unutmaz. Olaryň tylda görkezen gahrymançylygy we edermenligi Ýeňiş gazanmak ugrundaky hereketlerinde uly ähmiýete eýe boldy we häzir Garaşsyz Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň goragynda durýan ýaşlar üçin nusga hem-de terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan gerçeklerimiz bolan uruş weteranlary hem-de ýalňyz ojaga wepaly enelerimiz ýurdumyz  üçin edýän çäksiz aladalary hem-de uruş weteranlaryna goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

TSTP