Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan «Maksatly türkmen» hojalyk jemgyýetinde «Türkmenistan – sebitiň ekologik abadançylygynyň üpjün etmek ugrunda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürýär» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmekde ekologiýa howpsuzlygynyň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş-ykdysady strategiýasynda ýüze çykýan möhüm ekologik meseleleri ähltaraplaýyn çözmeklige uly üns berilýär. Hususan-da, döwletimizde «ýaşyl» we «akylly» ekoulgamy döretmek we ösdürmek giň derejede öz beýanyny tapdy. Häzirki wagtda döwletimiziň bilelikdäki ekologiýa hyzmatdaşlyklary ýola goýmak, daşary ýurtlarda bu ugur boýunça hödürlenilýän taslamalary we maksatnamalary öwrenmek, täze çemeleşmeleri, çözgütleri ornaşdyrmak, toplanylan tejribeleri we bilimleri paýlaşmak ugrunda işjeň çykyş edýändigini bellemek gerek. 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

TSTP