Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Bereketli jaý» hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda diýarymyzda ägirt uly işleri durmuşa geçirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler ýurdumyzyň saýlan milli ösüş ýolunyň ylmy esasda esaslandyrylandygyny görkezýän nyşanydyr. Ylmy nukdaýnazardan türkmen halkynyň kemala gelşiniň, ösüşiniň taryhyny, onuň dünýä medeni ösüşindäki ornuny, Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, Garaşsyzlyk döwrüni hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny düýpli öwrenmek zerurdyr bolup durýar. Hut şu ugra esaslanyp türkmen döwletiniň özbaşdaklygy, garaşsyzlygy, bitaraplygy onuň milliligine esaslanýar. Biziň döwlet Garaşsyzlygymyzyň binýadyny berkidiji «milli esasy» onuň jemgyýetçilik ähmiýetli meseläni çözülende ýedi ölçäp bir kesilmegidir. Garaşsyzlyk – her bir ýurduň milli aýratynlyklaryna esaslanýan döwlet özygtyýarlygynyň baky berkararlygy bolup çykyş edýär.
Ýurdymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
TSTP