Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

TÜRKMEN BEDEWI – EBEDI GYMMATLYK

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrap tikin fabriginiň mejlisler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli  wagyz – nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda atşynaslyk işini kämilleşdirmekde, atçylyk sportuny ösdürmekde, bedewleriň tohumyny ýitirmän, ony nesilden-nesle aýawly gorap geçirmek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Türkmen ahalteke bedewleri geçirilýän toý-baýramlaryň, çäreleriň, ýaryşlaryň bezegi. Türkmen bedewiniň milli baýramy türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi, bedew bady bilen öňe barýan eziz diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy we ykbaly has-da belende göterildi. 

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her welaýatyň merkezinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, atşynaslara hormatly atlaryň dakylmagy, ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarymyzyň gelşiginiň bedewlerimiz bolmagy-da döwletimiziň atçylygy ösdürmäge aýratyn uly üns berýändigini görkezýär. 

Watanyň şanyna şan, abraýyna abraý, mertebesine mertebe goşup, onuň adyny külli äleme ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris!

TSTP