Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Ahalteke bedewi –– Garaşsyz Watanymyzyň täze üstünliklere tarap batly gadamynyň nyşany» atly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly, ösüş-özgerişler bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyz toý-baýramlara beslenýär. Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri-de owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleridir. Milli gymmatlyklarymyzyň arasynda behişdi bedewleriň aýratyn orny bar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny, görkanalygyny jahana ýaýýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bolsa, bu keramatly jandarlar diňe bir milli mirasymyz däl, eýsem ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, agzybirliginiň we täze belentliklere tarap batly gadamlarynyň janly simwolyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen atçylyk sungaty täze ösüş basgançagyna göterildi. Ýurdumyzda gurulýan halkara standartlaryna laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary, ylmy-barlag merkezleri we seýisçilik mekdepleri bu ugruň dowamat-dowamdygyndan habar berýär. At üstündäki milli oýunlar, çapyşyklar we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejesindäki üstünlikleri biziň milli buýsanjymyzdyr.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
TSTP