Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

AHALTEKE BEDEWI - BIZIŇ BUÝSANJYMYZ WE ŞÖHRATYMYZ

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag şäheriniň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda milli bedew baýramy mynasybetli wagyz – nesihat duşuşygy we sergi gurnaldy.  

Duşuşyga gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda Türkmen halkynyň ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanşyklydyr diýip belläp geçdiler. Bu bedewleriň kämilligi, adamlaryň ýakyn syrdaşy hasaplanylmagy türkmen halkynyň zehinli halkdygyna şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» diýen kitaby hem deňi-taýy bolmadyk bedewler üçin edebi ýadygärlige öwrülip, asyrlaryň jümmüşinden geçip gelýän ajaýyp bedewlere bolan hormatynyň hem-de çäksiz söýgüsiniň çeşmesi bolup durýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy ahalteke bedewine bolan ählihalk söýgüsiniň nyşany bolup durýar diýip belläp geçdiler. 

Sergide Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimiz baradaky kitaplary şeýle-de  muzeý gymmatlyklaryndan bolan birnäçe sowgatlyklar, surat eserleri, bedewlerimiziň gadymy we häzirki zaman bezeg şaý-sepleri, heýkeller ýerleşdirilipdir. 

Toýdyr, baýramlara baý ýurdumyzda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belende dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP