Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň kiçi mejlisler jaýynda Ahal welaýat partiýa komitetiniň gurnamagynda Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýunyň belleniljek ýylynda taryhy wakalara baý diýarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin nazarlaýan giň gerimli özgertmeler dogrusynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýakynda Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda täze, döwrebap ýokary tizlikli ýoluň açylyp, ulanylmaga berilmegi biziň üçin uly sowgat boldy. Ýurdumyzyň Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinden geçip, gözel paýtagtymyz bilen birleşdirýän bu ýol ýolagçylaryň gysga wagtda, bökdençsiz gatnadylmagyny, ýükleriň daşalmagyny üpjün eder.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täze, döwrebap keşbi bolup, Amyderýadan Köpetdagyň etegine çenli uzaýan giň gerimli taslamadyr.
Halk bähbitli, il ähmiýetli şeýle uly taslamalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP