Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • ÖNDÜRIJILIKLI ZÄHMET – BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

    Şu gün ...

  • BERKARAR DÖWLETIŇ ÖSÜŞI – HALKYŇ BAGTYÝARLYGY WE ROWAÇLYGYDY

    Şu gün...

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

SPORT SAGLYGYŇ GIREWIDIR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň gurnamagynda Garabekewül etrabynyň 1-nji sport mekdebinde, «Sport saglygyň girewidir» atly sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komiteti tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. 

Giň gerime eýe bolýan şeýle çäreleriň raýatlaryň sporta bolan söýgini artdyryp, agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrmakda ähmiýetiniň örän uludygy aýratyn bellenildi. Ýurdumyzda sporty kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek üçin döredilip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP