Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

BEDENTERBIÝE WE SPORT JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGYNY ÜPJÜN EDÝÄN GYMMATLYKDYR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäheriniň mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy hem-de talyp ýaşlaryň arasynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi, bäsleşikleriň başynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň mähir yhlasyndan kemala gelen diýarymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň ekologiki taýdan arassa jana ýakymly howasynda irdenki beden maşyklaryny ýerine ýetirdiler bu bolsa Döwletimizde sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň we gyzlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir türgenleriň kemala gelmeginde däl, eýsem, jemgyýetiň ösmeginde wajyp hasaplanylýar. 

Ýurdumyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren, halkymyzyň sagdyn, ruhubelent we bagtyýar durmuşy barada edýän çäksiz aladalary üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

TSTP