Golaýda Telekeçi T.Baýrammyradowyň önümçilik kärhanasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalary wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň tarapyndan guraldy.
Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler, ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada durlup geçildi. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan işleriň gözbaşynda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak babatdaky aladalaryň durandygyny aýratyn belläp geçdiler.
Işjeňlikde geçen duşuşykda Watanymyzyň ykdysady ösüşlerine goşant goşmagyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny sowgatly garşylamagyň her bir raýat üçin çäksiz bagtdygy barada aýdylanlar gyzgyn goldaw tapdy. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy eşretli durmuşa ýetiren hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.
TSTP