Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi.
Her ýyl bolşy ýaly 7-nji aprelde, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli çäreleri geçirilýär. Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurlaryny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Sport güýç gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň aýdyň beýany bolmak bilen, berk bedenli we ruhubelent ýaş nesillerini Watanymyzyň geljegini terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun!
TSTP