Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda etrabyň tikin fabriginiň mejlisler jaýynda maslahat duşuşygy geçirildi.
Täze taryhy döwründe Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ählitaraplaýyn ösüş ýoluna düşmegine giň mümkinçilik açyldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary ösüşlere eýe bolmak bilen, ykdysady mümkinçilikleri ýokary galýar. Asuda Watanymyzyň şu günki üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan we onuň ýolbaşçylygynda çekilýän zähmetden gözbaş alýar. Durmuşymyzda üýtgewsiz hakykat bolup galan bu ajaýyp jümleler her zähmet adamsynyň kalbynda joşgunly zähmet çekmäge bolan hyjuwy döredýär. Döwletimiziň ykdysady ösüşleri Watanymyzyň kuwwatlylygynyň has-da ilerlemegine, halkymyzyň hal- ýagdaýynyň barha gowulanmagyna edýän oňyn täsirleri, röwşen geljegimiziň ösüş ýolunda öňe barýandygyny habar berýär. Ýurdumyzda telekeçiligi, hususyýetçiligi şol sanda hususy önümçiligi goldamak maksady bilen, amala aşyrylýan çäreler bu gün ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda wajyp orny eýeleýär.
Telekeçiligi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
TSTP