Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

ZEMINIŇ GÖRKI SIZ, MÄHREM ZENANLAR

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde hem-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän zenanlaryň arasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk duşuşyklary geçirildi. 

Mylaýym häsiýeti, çeper hünäri, wepadarlygy, pähim-paýhasy, zyýada görk-görmegi we gözelligi bilen dünýäni haýran eden türkmen zenanlarynyň mertebesi elmydama beýikdir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda umumadamzat bähbitli taslamalary, ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirýän täze eýýamda mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň sylag-hormat, mertebesi beýikdir. Çünki, mähriban enelerimiz, edepli-ekramly, mylaýymzada gelin-gyzlarymyz türkmen durmuşynyň gülleridir, türkmen toýlarynyň bezegidir, ojaklarymyzyň alawy, öýlerimiziň çyragydyr. Mähriban enelerimiziň dogaýy sözleri perzent üçin tumardyr, durmuşyň uzak menzillerinde şamçyragdyr. Zenanlarymyzyň diňe-bir maşgala ojagynyň goraýjylary bolman, eýsem, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekip, hususy ulgamda hem öz mynasyp orunlaryny tapýarlar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli sowgatlar gowşuryldy.

Işewür zenanlar häzirki döwürde täze durmuşyň gurluşyna ägirt uly goşant goşýarlar. Bu ugurda döwlet we jemgyýet tarapyndan hemmetaraplaýyn uly goldaw berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin işewür zenanlaryň alkyşlary çäksizdir.

Duşuşygyň ahyrynda zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de mynasyp zähmet çekmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP