Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

BEÝIK IŞLER HALKARA DEREJEDE ULY ÄHMIÝETE EÝE BOLÝAR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler halkara derejede uly ähmiýete eýe bolýar» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahat duşuşygynda, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda sapary dogrusynda çykyşlara uly orun berildi. 

Çykyş edenler Milli Liderimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran sapary netijeli we işjeň geçen duşuşyklara, gepleşiklere baý bolandygy, munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin açykdygynyň aýdyň güwäsidir diýip belläp geçdiler. Bu saparyň jemleri Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany açar.

Goý, Türkmenistandan dünýä ýurtlaryna uzaýan dostluk ýollary baky dowamat-dowam bolsun!

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  beýik başlangyçlary mundan beýläk hem rowaç alsyn, halkymyzyň bagtyýar durmuşy baky dowam etsin!

TSTP